Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabatda paýtagtdan gelen sungat ussatlarynyň konserti boldy

03:1102.02.2020
0
5822

Aýdymçylar Ahmet Atajanow, Parahat Pürjäýew we Begenç Çaryýew dagylar Lebap welaýat Medeniýet merkezinde konsert bilen çykyş etdiler. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti we «Jeyhun.news» habar berýär.

«Milliligim ― buýsanjym, ýakyn-ýada hem geljege sarpamdyr» ady bilen geçirilen konserte Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary köpçülikleýin gatnaşdylar. Aýdym-sazlary diňlemekden daşary, oňa gatnaşyjylar aýdymçylar bilen bagly sowallara-da jogap aldylar. Konsertde estrada aýdymlary bilen bilelikde türkmen halk aýdymlary hem ýerine ýetirildi.

Konsertiň ahyrynda aýdymçylar tomaşaçylara özleriniň aýdymlary we şekilli aýdymlary ýazylan diskleri hem sowgat etdiler.

Türkmenabat şäherinde ýurdumyzyň görnükli sungat ussatlarynyň konsertini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Şeýle konsert Täze ýyl baýramynyň bosagasynda hem geçirilipdi. Ýakynda bolsa Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň topary welaýatda döredijilik saparynda boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň