Soňky habarlar

Arhiw

“Edebiýat we sungat” gazetiniň ýolbaşçy düzümi täzelendi

19:1701.02.2020
0
8240

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Medeniýet ministrliginiň towakganamasy esasynda Permanlara gol çekdi. Resminamalara laýyklykda, Haýdarguly Muhammetgulyýew saglyk ýagdaýy sebäpli “Edebiýat we sungat” gazetiniň baş redaktory wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä “Edebiýat we sungat” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary Ogulmaýsa Allaberdiýewa bellenip, ol şol gazetiň baş redaktorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, “Edebiýat we sungat” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary wezipesine Röwşen Hojamow bellenildi.

Bu barada TDH agentligi habar berýär

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň