«Neftçi» ― «Ahal» duşuşygy Jalal-Abad şäherindäki «Kurmanbek» stadionynda geçiriler

19:0901.02.2020
0
8383

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy Gyrgyzystanyň «Neftçi» toparyna AFK-nyň kybogy ― 2020-niň çägindäki duşuşyklaryny Jalal-Abad şäherindäki «Kurmanbek» stadionynda geçirmäge rugsat berdi. Bu barada Gyrgyzystanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

«Neftçi» 5-nji fewralda «Ahal» bilen boljak saýlama duşuşygyny hut şu stadionda geçirer. Bu duşuşyk «Kumanbek» stadionynda geçiriljek ilkinji halkara oýun bolar.

Ýeri gelende, «Ahalyň» jogap duşuşygyny 12-nji fewralda «Aşgabat» köpugurly sport toplumynda geçirjekdigini ýatladýarys. «Ahal» AFK-nyň kubogyndaky duşuşyklaryny geçen ýyl hem şu stadionda geçiripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň