Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2020: «Hujandy» birbada ýedi futbolçy terk etdi

14:4401.02.2020
0
13936

Täjigistanyň çempionaty ― 2019-yň wise-çempiony «Hujand» toparyny birbada ýedi oýunçy terk etdi. Bu barada klubyň resmi saýty habar berýär.

Topardan aýrylan futbolçylaryň hatarynda gruzin derwezeçi Dawid Kutadze, şeýle-de Dilşod Wosiýew, Sohibjon Hakimow, Dilşod Karimow, Muminjon Gadoýboýew, Ýuriý Zaharkiw we Ilsur Samigulin dagylar bar.

Klub bu futbolçylaryň ählisine oýnan döwürlerinde gazanylan üstünliklere goşan goşandy üçin hoşallyk bildirdi we mundan beýläk hem futbol ýollarynda üstünlikleri arzuw etdi.

«Hujand» AFK-nyň kubogy ― 2020-niň saýlama tapgyrynda «Ahal» ― «Neftçi» jübütleriniň ýeňijisi bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň