Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan «Hyundai» awtobuslarynyň täze toplumyny satyn alar

12:3801.02.2020
0
15951

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow 31-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmensitanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa «Hyundai» görnüşli şäheriçi awtobuslary satyn almak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň hünärmenleri Koreýa Respublikasyna iş saparynyň çäginde «Hyundai» korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdylar hem-de dürli görnüşdäki awtobuslaryň önümçilik kärhanasyna baryp gördüler.

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň öňünde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Ýewro — 4 ekologiýa standartyna gabat gelýän döwrebap hereketlendirijiler bilen enjamlaşdyrylan «Hyundai All New Super Aero City» awtobuslaryny almak meýilleşdirilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy Koreýanyň «Hyundai» korporasiýasy bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyga ünsi çekdi.

Koreý awtomobil gurluşynda öňdebaryjy hasaplanýan bu awtobuslar ýurdumyzyň şäheriçi we şäherara ugurlarynda giňden peýdalanylýar. Soňky ýyllarda şeýle görnüşdäki awtobuslaryň ýüzlerçesi satyn alyndy. Munuň özi ugurlary artdyrmaga we gatnaw ýygylygyny işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýär diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti bu awtobuslaryň rahatlygy we amatlylygy bilen ýolagçylaryň göwnünden turýandygyny nazara alyp, bu babatda işleri dowam etmegiň wajypdygyny belledi.

Bu düzüm bilen hyzmatdaşlyk özüniň netijeliligini görkezdi. Şeýlelikde, taraplaryň ikisi-de bu gatnaşyklaryň uzak möhletleýin esasda dowam etdirilmegine gyzyklanma bildirýär diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi hem-de «Hyundai» korporasiýasynyň awtobuslarynyň ýokary hil derejesi bilen tapawutlanýandygyny we ýurdumyzyň howa şertlerine gabat gelýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistana awtobuslaryň täze görnüşlerini getirmek babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. Türkmenistanyň Prezidenti bu awtobuslaryň türkmen halky üçin Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli ajaýyp sowgada hem-de paýtagtymyzyň bezegine öwrüljekdigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň