«Kämil» market Türkmenabatda-da işläp başlady

12:0701.02.2020
0
16714

Türkmenabat şäherindäki «Döwrebap» söwda merkezinde «Kämil» marketiň bir bölümi işläp başlady. Şeýlelikde, ençeme ýylyň dowamynda paýtagtymyzda birnäçe ýerde işläp gelýän söwda toplumynyň şahamçasy raýatlara hyzmat edýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

«Kämil» marketiň söwda tekjeleri adyna mynasyp merkeziň birinji gatynda ýerleşýär. Tekjeleriň dolulygy, bahalaryň elýeterligi bu ýerde hemişe gyzgalaň­ly söwdanyň bolmagyny üpjün edýär. Ol her gün irden giç agşama çenli arakesmesiz işleýär.

Tekjelerdäki önümleriň aglabasynyň ýurdumyzda öndürilen önümler bolmagy hem aýratyn bellärliklidir. Önüm öndüriji telekeçiler marketi täze önümler bilen yzygiderli üpjün edip durlar.

Ýeri gelende bellesek, «Döwrebap» söwda merkeziniň ikinji gatynda dokma senagatynyň önümleri we beýleki harytlar satylýar. Bu ýerde käbir önüm öndüriji hususy we döwlet kärhanalarynyň ýörite dükanlary hem işleýär.

Merkeziň üçünji gatynda bolsa, dürli garbanyşhanalar we çagalar üçin oýun meýdançasy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň