Türkmenistanyň Prezidenti: «Energetika ulgamyna häzirki zaman tejribäni ornaşdyrmagy çaltlandyrmaly»

10:4301.02.2020
0
3652

Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew 31-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna «2030-njy ýyla çenli döwür üçin nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny» yzygiderli durmuşa geçirmäge gönükdirilen taslamalary ylmy taýdan esaslandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Munuň özi nebitiň we gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän mukdaryny artdyrmak, ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly islegden peýdalanýan ýangyç-energetika toplumynyň ýokary tehnologiýaly önümçiligini ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň çözgüdi bilen baglanyşyklydyr. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleriniň gorlaryna örän baýdygyny aýtdy. Bu gün türkmen «mawy ýangyjy» dünýäde iň uzyn gaz geçirijileriň biri bilen HHR-e iberilýär. Şeýle-de, döwlet Baştutany energetika ulgamyna häzirki zaman serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryny, öňdebaryjy ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, milli we dünýä ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmagy hemmetaraplaýyn çaltlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu pudakda milli ykdysadyýetimizi sanlaşdyrmak boýunça tassyklanan Konsepsiýany nazara almak arkaly pudaklaýyn düzümleriň alyp barýan ylmy-barlag işleriniň ähli ugurlaryny öz içine alýan ylmy taýdan esaslandyrylan halkara taslamalar babatda degişli maksatnamany taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, nebitgaz toplumynyň ylmy-barlag institutlarynyň barlag we amaly işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýangyç-energetika toplumynda amala aşyrylýan taslamalaryň ekologiýa edýän täsirini ylmy taýdan öwrenmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidir. Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebit guýularynyň önümliligini ýokarlandyrmagyň, täze nebit känlerini gözlemek boýunça geologiýa-gözleg işleriniň gerimini giňeltmegiň zerurdygyny belledi.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň