Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti telekeçileriň satyn alýan oba hojalyk tehniklaarynyň we enjamlarynyň bahalaryny malileýelşdirmek boýunça Karara gol çekdi

10:0501.02.2020
0
5111

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow 31-nji ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna «Telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň satyn alýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň bahalaryny maliýeleşdirmek hakynda» kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bu mesele ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň degişli täjirçilik teklipleri esasynda öwrenildi hem-de Daşary ýurt maýa goýumlary boýunça pudagara toparyň birinji mejlisinde seredildi. Bular barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Bu resminama Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen «John Deere Waldorf GmbH &Co.KG» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Strategik ylalaşyga laýyklykda taýýarlanyldy. Bu ylalaşyga birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde gol çekilipdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzda telekeçiligiň halk hojalyk toplumynyň önümçilik ulgamyndaky ornuny barha pugtalandyrýandygyny, döwletimiziň durnukly ösüşine saldamly goşant goşýandygyny belledi. Milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm ulgamynyň işiniň işjeňleşdirilmegi netijesinde täze iş orunlary döredilýär, bäsdeşlige ukyply harytlaryň görnüşleri we mukdary artdyrylýar.

Döwlet Baştutany kiçi we orta işewürligi mundan beýläk-de höweslendirmegiň wajypdygyny aýdyp, obasenagat toplumynda telekeçiligi ösdürmäge, olaryň oba hojalyk önümlerini öndürmäge ýurdumyzyň işewür düzümlerini has işjeň çekmek üçin zerur şertleri döretmäge ünsi çekdi. Milli Liderimiz hödürlenen kararyň taslamasyny makullap we oňa gol çekip, resminamany sanly elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna:

Türkmenistanyň Hökümetiniň — karz alyjynyň adyndan telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň «John Deere Walldorf GmbH & Co.KG» kompaniýasyndan satyn alýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň bahasynyň 85 göterimini maliýeleşdirmek üçin, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Deere Ñredit Inñ.» kompaniýasy — karz beriji bilen degişli karz ylalaşygyny 8 ýyl möhlete baglaşmaga, şol karz ylalaşygy bilen bagly resminamalary resmileşdirmäge hem-de olaryň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrmaga;

oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny satyn alýan telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň hyzmat ediji banklary bilen 8 ýyla çenli möhlete içerki karz ylalaşyklaryny baglaşmaga ygtyýar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň