Soňky habarlar

Arhiw

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi özüniň diplomatik işini tamamlaýar

19:2631.01.2020
0
6539

Şu gün – 31-nji ýanwarda özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Azar Abul Hasan Han bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Ilçä türkmen-hindi gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin munnetdarlyk bildirdi. Soňra taraplar ulag, energetika we ykdysadyýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de Merkezi we Günorta Aziýany birikdirýän köpri bolup hyzmat etjek Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TAPI) gaz geçirijisiniň orny barada bellenip geçildi.

Şeýle hem taraplar oba-hojalyk pudagynda we himiýa senagaty ugrunda türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň zerurlygyny bellediler.

Duşuşygyň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň meselelerine hem aýratyn uly üns berdiler. Hususan-da, ylym, medeniýet we bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we sport, şeýle hem häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň möhümligi barada bellenip geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi özüniň iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň has hem pugtalandyrylmagyna gönükdirilen Türkmenistandaky diplomatik wezipesini durmuşa geçirmekde beren hemmetaraplaýyn goldawy hem-de degişli ýardamlary üçin Daşary işler ministrligine ýene-de bir gezek özüniň minnetdarlygyny bildirdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň