Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýada hukuk meseleleri boýunça geçirilen okuw saparynda boldy

10:3531.01.2020
0
1229

22 — 29-njy ýanwar aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler we Adalat ministrlikleriniň wekilleri bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplaryndan düzülen topar Ýaponiýada okuw saparynda boldy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

«MIRAI» diýlip atlandyrylýan okuw sapary dostlukly ýurduň Daşary işler ministrligi tarapyndan her ýyl guralyp, «Hukugyň hökmürowanlygy» atly mowzuk bilen geçirilýär.

Okuw saparynyň dowamynda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginde we Ýokary kazyýetinde, Tokionyň ylmy gözlegleri alyp barýan abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri Waseda uniwersitetinde, «Nişimura we Asahi» hukuk kärhanasynda ýurduň Ýewropa, Aziýa we Kawkaz ýurtlary bilen diplomatik gatnaşyklary hem-de hukuk bilen bagly birnäçe okuw sapaklarydyr duşuşyklar guraldy.
Tokio şäheriniň merkezinde ýerleşýän gadymy Imperatoryň köşgüne, ol ýerden Nijubaşa, ýagny goşa köprä, «Origami Kaikan» muzeýine we Odaýba emeli adasyna guralan gezelençlerden soň­ra, Ýaponiýanyň uly şäherleriniň ikisine — Hirosima we Kiota barlyp görüldi.
Tokiodan öň, XIX asyryň ortalaryna çenli Ýaponiýanyň paýtagty bolup, «Müň ýyllyk paýtagt» adyny alan Kioto şäherindäki ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen taryhy ýadygärlikleriň biri «Golden pavilion» ybadathanasyna, milli el senetleri muzeýine, Kodaiji ybadathanasynda ýaponlaryň sungat derejesine göteren çaý demlemek dessuryny synlamaga, Hirosima şäherindäki Miýajima adasyna, Hirosima parahatçylyk ýadygärligine guralan gezelençler hem gyzykly boldy.

— Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde beýleki daşary ýurt dilleri bilen bir hatarda, Ýaponiýadan gelýän mugallymlar tarapyndan ýapon dili hem öwredilýär, talyp alyş-çalşygy boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdebimizden 2 talyp Tokionyň daşary ýurt dilleri uniwersitetinde, şeýle-de şol uniwersitetiň talyby Asaka Suzuki hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň sosiologiýa hünärinde 1 ýyllyk meýilnama boýunça bilimlerini dowam etdirýärler. Täze bir dili öwrenýärkäň, şol dil ene dili hökmünde gürleşilýän ýurda baryp, medeniýeti bilen tanyşmak, eşidenleri­ňi hakykatda görmek höwesini döreýär. Ine, bu okuw sapary hem bizi Ýaponiýa barada unudylmajak täsire gaplady. Tokiodaky origami sungaty bilen tanyşdyrýan «Origami Kaikan» muzeýine baranymyzda, bu ýere häzirki wagta çenli gelip görýän ilkinji türkmen raýatlary hökmünde aýratyn gutlanmak has-da ýatda galyjy boldy. Şeýle okuw saparlarynyň guralmagy dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde we ony mynasyp dowam etdirjek hünärmenleri taýýarlamakda örän ähmiýetlidir — diýip, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar we dünýä syýasaty hünäriniň talyby Arslan Çaryýew gürrüň berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň