Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» AFK-nyň kubogy ― 2020-niň saýlama duşuşyklaryna gatnaşjak oýunçylaryny kesgitledi

17:0130.01.2020
0
9917

«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary AFK-nyň kubogy ― 2020-niň saýlama duşuşyklary üçin futbolçylaryň sanawyny Aziýanyň Futbol konfederasiýasyna berdi. Türkmenistanyň wise-çempionynyň yklym ýaryşynyň saýlama tapgyrynda oýnatmagy meýilleşdirýän futbolçylary şulardyr:

Derwezeçiler: Batyr Babaýew, Öwezmyrat Öwezmyradow.

Goragçylar: Güýçmyrat Annagulyýew, Gurbanguly Aşyrow, Abdy Bäşimow, Serdar Annaorazow, Myrat Hamraýew, Azady Annadurdyýew, Hoşgeldi Hojowow, Söhbet Allanurow.

Ýarym goragçylar: Amir Gurbany, Elman Tagaýew, Yhlas Saparmämmedow, Gurban Annaýew, Guwanç Abylow, Artur Geworkýan, Serdar Tukyýew, Ilýa Tamurkin, Döwran Orazalyýew.

Hüjümçiler: Myrat Ýagşyýew, Pirmyrat Sultanow.

5-nji we 12-nji fewralda «Ahal» Gyrgyzystanyň «Neftçisi» bilen iki tapgyrdan ybarat bolan saýlama duşuşyklaryny geçirer. Duşuşyklaryň ilkinjisi 5-nji fewralda Jalal-Abad şäherinde «Kurmanbek» stadionynda geçiriler. Bu duşuşygyň gündiz asagt 13-de başlanmagyna garaşylýar. Aşgabatdaky jogap duşuşygy bolsa 12-nji fewralda paýtagtyň «Aşgabat» köpugurly sport toplumynda geçiriler. Bu duşuşygyň gündiz sagat 15-de başlanmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň