Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Azmun: «Biziň halkymyzda at hemişe ilkinji orunda goýulýar»

12:5230.01.2020
0
8994

«Zenidiň» we Eýranyň milli ýygyndysynyň futbolçysy, eýranly türkmen Serdar Azmun «Sport24» saýtyna beren interwýusynda özüniň bedewlere bolan söýgüsi hakynda aýtdy.

«Atlar biziň halkymyzda hemişe ilkinji orunda goýulýar. Şonuň üçin olar ýeke-täkdirler. Men şahsy durmuşymda-da atlara ýakynrak bolmagy gowy görýärin. Özümem birnäçe aty idedýärin. Eger gyzyklanmalarymy sähel gowşatsam, bu bada-bat öz täsirini görkezýär. Atlar bilen her gün gyzyklanyp durmaga çalyşýaryn. Eýranda ýörite wekilim bar, ol atlaryň idedilişi barada her gün maňa maglumat berip durýär.

Meniň iň gowy görýän atymyň ady Serik. Ol Eýranda hemişe ýeňiji bolýar. Ony Russiýadaky ýaryşlarda hem synap görmek isleýärinmi? Dogrusy, bu barada pikir hem etmändirin. Düşünýäňizmi? Serik meniň üçin «Zenit», galan atlarym bolsa «Lokomotiw», «Spartak» we beýlekiler» ― diýip, Serdar Azmunyň aýdanlary saýtda getirilýär.

2019-njy ýylda «Lenfilm» kinostudiýasy «Serik» atly filmi surata hem düşüripdi. Filmde baş keşbi Serdar Azmunyň adybir aty ýerine ýetirdi.

Serdar Azmun türkmen bedewlerine hem örän uly hormat goýýar. Ýöne onuň Eýranyň ençeme gezek çempiony bolan, rekordlary birnäçe ýola täzelän bedewi amerikan atlarynyň tohumyndandyr.

Bir gezekki metbugat maslahatynda Serdar Azmun aty söýmeýän türkmeniň juda azdygyny aýdypdy. Onuň sözlerine görä, türkmen halkynyň öz atyna bolan söýgüsi bütin dünýä hem mälimdir.

Biz bolsa Serdar Azmunyň Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň we Sankt-Peterburgdaky «Mekan» türkmen medeniýeti jemgyýetiniň hormatly agzasydygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň