Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy BAE-däki ilkinji ýeňşini gazandy

12:0530.01.2020
0
16243

Horwatiýaly tälimçi Ante Mişeniň ýolbaşçylygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Ajman şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy bu ýerde meýilleşdirilen ýoldaşlyk duşuşyklaryndaky ilkinji ýeňşini gazandy.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, «Jebel Ali Coe» stadionynda ýerli «Siti» topary bilen duşuşan türkmenistanly futbolçylar garşydaşlaryny jogapsyz pökgüleriň dördüsi bilen ýeňdiler. Milli ýygyndymyzyň pökgülerini 26-njy minutda Ýakup Maksadow, 57-nji minutda Aly Borjakow, 68-nji minutda Ýazgylyç Gurbanow hem-de 81-nji minutda Akmämmet Metdäýew geçirdi.

Baş tälimçiniň şu gezek milli ýygyndyda ozal az çykyş ýa-da heniz milli ýygyndy tejribesi bolmadyk ýaş futbolçylary gözden geçirýändigini aýtmak gerek. Mundan bir ýyla golaý ozal ol milli ýygyndyda işe başlanynda, esasan, ýaş futbolçylaryň başarnygyny artdyryp, şolaryň netijesinde halkara üstünlikleri gazanmaga ýykgyn ediljekdigini aýdypdy. Şu gezekki okuw-türgenleşik ýygnanyşygy bu işiň amala aşyrylýandygyny görkezýär.

Milli ýygyndymyzyň BAE-däki üçünji ýoldaşlyk duşuşygy Özbegistanyň Almalyk şäheriniň AGMK topary bilen geçiriler. Bu toparyň düzüminde milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanowyň hem çykyş edýändigini ýatladýarys. Bu duşuşyk 2-nji fewralda geçiriler.

Türkmen futbolçylarynyň BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 4-nji fewralda tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň