Türkmenistanyň futzal ýygyndysy BAE-däki ikinji ýoldaşlyk duşuşygynda hem ýeňiş gazandy

11:4630.01.2020
0
6077

Şu günler Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde türgenleşýän Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy bu ýerdäki ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny hem geçirdi. Bu gezek türkmen futzalçylary ýerli «Al-Ahli» topary bilen duşuşdy. Bu duşuşyk barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

«Al-Ahli» futzalda-da, futbolda-da Aziýanyň öňdebaryjy klublarynyň biridir. Muňa garamazdan, biziň ildeşlerimiz garşydaşlaryny 3:0 hasabynda ýeňip, BAE-däki ikinji üstünligini gazandylar. Mälim bolşy ýaly, ýerli «Al-Nasr» topary bilen hem duşuşan türkmenistanly futzalçylar 5:3 hasabynda ýeňiş gazanypdylar.

Şeýlelikde, Robert Grdowiçiň şägirtleriniň BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda meýilleşdiren ýoldaşlyk duşuşyklary tamamlandy. Indi milli ýygyndymyz 2 ― 9-njy fewral aralygynda Tailandda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar. Türkmen futzalçylary bu ýerdäki illkinji duşuşygyny 3-nji fewralda Malaýziýanyň ýygyndysy bilen geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň