Soňky habarlar

Arhiw

«Neftçi» «Ahal» bilen boljak duşuşykdan ozal düzümini güýçlendirýär

18:4629.01.2020
0
5126

Gyrgyzystanyň «Neftçi» futbol kluby AFK-nyň kubogy ― 2020-niň saýlama tapgyrynda «Ahal» bilen boljak duşuşygyň öňüsyrasynda öz düzümini güýçlendirmegi dowam edýär.

«Sport.kg» saýtynyň habar bermegine görä, Goçgarata şäheriniň topary goragçylar Akramjon Umarow bilen Kaýrat Izakowy düzümine goşdy. Akramjon Umarow geçen möwsüm Oş şäheriniň «Alaýynda», Kaýrat Izakow bolsa «Algada» futbol oýnapdy. 

«Ahal» ― «Neftçi» duşuşyklary 5-nji we 12-nji fewralda geçiriler. Duşuşyklaryň ilkinjisi 5-nji fewralda Jalal-Abad şäherinde «Kurmanbek» stadionynda bolar. Bu duşuşygyň gündiz asagt 13-de başlanmagyna garaşylýar. Aşgabatdaky jogap duşuşygy bolsa 12-nji fewralda paýtagtyň «Aşgabat» köpugurly sport toplumynda geçiriler. Bu duşuşygyň gündiz sagat 15-de başlanmagyna garaşylýar.

Eger «Ahal» bu tapgyrdan geçip bilse, pleý-offda Täjigistanyň «Hujandy» bilen duşuşar. Bu duşuşygyň ilkinji oýny 19-njy fewralda Aşgabatda, ikinjisi 26-njy fewralda «Hujandyň» meýdanynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň