Soňky habarlar

Arhiw

200 milliondan geçdi

17:4929.01.2020
0
1371

“Ýuwentusyň” portugaliýaly ýyldyzy Kristiano Ronaldonyň “Instagramdaky” muşdaklarynyň (followers, последователь) sany 200 milliondan geçdi. Ýagny Ronaldony instagram arkaly dünýäde 200 million adam ony yzarlaýar. Ol bu görkezijä ýeten ilkinji şahsyýetdir. Ronaldodan soň bu ugurda 2-nji ýeri 173 million muşdagy bilen amerikaly owadan aýdymçy gyz Ariana Grande eýeleýär. 170 million muşdagy bolan amerikaly aktýor Dweýn “The Rock” Jonson 3-nji hatarda barýar. 4-5-nji basgançakdaky aýdymçy Selena Gomesiň 167, iň ýaş milliarder, modaçy Kaýl Jenneriň 159 million muşdagy bar.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň