Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» Türkiýedäki ýoldaşlyk duşuşygynda «Nawbahordan» asgyn geldi

14:3029.01.2020
0
4846

«Ahal» futbol topary Türkiýedäki dördünji ýoldaşlyk duşuşygyny Özbegistanyň «Nawbahor» topary bilen geçirdi. Bu duşuşyk özbek toparynyň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini Azimjon Ahmedow geçirdi diýip, «championat.asia» habar berýär.

Mundan ozal «Ahal» Gazagystanyň «Kyzyl-Žar» (1:0) we Demirgazyk Makedoniýanyň «Struga» (2:0) toparlaryny ýeňip, «Irtyşdan» 1:3 hasabynda asgyn gelipdi. «Ahalyň» täze möwsümiň bosagasyndaky ilkinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 31-nji ýanwarda tamamlanar.

«Ahalyň» Türkiýedäki türgenleşikleriniň esasy maksady AFK-nyň kubogy ― 2020-niň saýlama tapgyrynda üstünlikli çykyş etmäge gönükdirilendir. Topar saýlama duşuşyklaryň ilkinji tapgyryny 5-nji we 12-nji fewralda Gyrgyzystanyň «Neftçisi» bilen geçirer. Bu jübütleriň ýeňijisi Täjigistanyň wise-çempiony «Hujand» bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň