“Milan” goşmaça wagtda ýeňiş gazandy

14:2029.01.2020
0
672

Italiýanyň Kubogy ýaryşynda “Napolidir” “Ýuwentusdan soň, 3-nji ýarym finalçy “Milan” topary boldy. Öz meýdançasynda “Torinony” kabul eden “Milan” soňky minutlarda hasaby deňläp, goşmaça wagtda-da ýeňiş gazanmagy başardy. 12-nji minutda milanly Jakomo Bonawentura hasaby açdy. Soňra 34-nji we 71-nji minutlarda tapawutlanan Bremer “Torinony” öňe saýlady. Şondan soň, 82-nji minutda oýna giren Hakan Çalhanoglu 90+1-nji minutda hasaby deňledi. Goşmaça wagtda bolsa, ilki ýene-de Hakan Çalhanoglu (106), soňra Zlatan Ibrahimowiç (108) tapawutlanyp, “Milana” ýeňiş getiren futbolçylar boldy. “Milan” ýarym finalda “Ýuwentus” bilen duşuşar. Soňky ýarym finalçy bolsa, şu günki “Inter”–“Fiorentina” duşuşygyndan soň, belli bolar.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň