Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenhowaýollary» BAE-niň şäherlerine howa gatnawlaryny dikeldýär

01:1529.01.2020
0
94784

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2020-nji ýylyň 2-nji fewralyndan Aşgabat ― Abu Dabi ― Aşgabat, 5-nji fewralyndan bolsa Aşgabat ― Dubaý ― Aşgabat ugry boýunça howa gatnawyny dikelder. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 10-njy ýanwarynda Eýranyň çägi bilen amala aşyrylýan uçuşlar wagtlaýyn bes edilipdi. Munuň sebäbi 8-nji ýanwarda «Ukrainanyň halkara howa ýollaryna» degişli «Boeingiň» Eýranyň ymam Homeýni adyndaky halkara howa menziinde heläkçilige sezewar bolmagydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň