Federer 15-nji gezek ýarym finalda

16:2828.01.2020
0
693

Melburn şäherinde dowam edýän 108-nji Awstraliýa Açyk tennis ýaryşynda şweýsariýaly Rojer Federer ýarym finala çykdy. Ol 100-nji orunda barýan amerikaly Tennys Sandgreni ýeňlişe sezewar etdi. 3 sagat 31 minutlap dowam eden duşuşygyň 1-nji setinde Federer 6:3 ýeňiş gazandy. Soňky 2 setde 6:2 hasaplar bilen utulan Federer 4-nji setde 7:6 ýeňiş gazanyp, hasaby deňledi. Final setinde bolsa, 6:3 ýeňiş gazanan Federer Awstraliýa Açykda 15-nji gezek ýarym finala çykmagy başardy. Ol ýarym finalda Milos Raoniç – Nowak Jokowiç duşuşygynyň ýeňijisi bilen oýnar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň