Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda iň täsirli wideorolikleriň bäsleşigi yglan edildi

15:4328.01.2020
0
1394

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde teleýaýlymlaryň döredijilik işgärleriniň arasyndan has zehinlilerini saýlap-seçip almak, olary döredijilik işlerine höweslendirmek maksady bilen «Iň täsirli wideorolik» atly bäsleşigi yglan edýär.

«Nesil» gazetinde berilýän bildirişde aýdylyşy ýaly, bäsleşik Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine degişli hünärmenleriň, wideoşekilli rolikleri taýýarlaýan teleoperatorlaryň, režissýorlaryň we isleg bildirýän beýleki döredijilik işgärleriniň arasynda geçirilýär. Bäsleşige hödürlenýän wideoşekiller bir awtor ýa-da döredijilik toparynyň ýolbaşçysy tarapyndan hödürlenilip bilner.

Wideoşekiller Türkmenistanyň Bitaraplygyny we ýurdumyzyň parahatçylygyny wasp edýän, saz bilen bezelen ýa-da okalan tekstli wideorolik görnüşinde bolup, dowamlylygy 1-10 minut aralygynda bolmaly.

Bäsleşige gatnaşmak üçin, bäsleşige gatnaşyjy 2020-nji ýylyň fewral aýynyň 15-ine çenli öz düşüren wideoşekillerini özüne degişli ýolbaşçylary tarapyndan döwlet komitetiniň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasyna hödürlemeli.

Hödürlenen işlere döredijilik, ýokary çeperçilik, reňk we yşyklandyryş aýratynlyklary, manymazmuny boýunça baha berler we bäsleşik ýörite düzülen döredijilik topary tarapyndan 2020-nji ýylyň fewral aýynyň ikinji ýarymynda seljeriler we ýeňijiler kesgitleniler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň