Ýörite topar Türkmenistanyň obalaryndan gyzykly mirasy toplaýar

15:2828.01.2020
0
985

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen türkmen halkynyň maddy däl medeni gymmatlyklaryny toplamak hem-de olary düýpli öwrenmek maksady bilen ýurdumyzyň welaýatlaryna iş saparyny amala aşyrmak üçin ylmy toparlar döredildi. Häzirki wagtda iş saparlary dowam edýär ― diýip, «Nesil» gazetiniň berýän habarynda aýdylýar.

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Börme, Bamy, Arçman, Nohur ýaly obalaryna iş saparlarynyň dowamynda hem gyzykly maglumatlar toplanylýar. Bu obalaryň ýaşululary, hünärine ussat demir we agaç ussalary, kümüş saçly eneleri, tara, haly, keçe ýaly el hünärleri bilen meşgullanýan zenanlary bilen söhbetdeş bolunýar. Olar hünärleriniň, senetleriniň inçe tilsimleri, özboluşly aýratynlyklary barada gymmatly maglumatlary gürrüň berýärler. Şeýle-de her bir obanyň taryhy adynyň gelip çykyşy, şol ýerlerde ýerleşýän ýadygärlikler, halk döredijiligine degişli bolan hüwdüler, nakyllar, atalar we şorta sözleri, toý däp-dessurlary, milli tagamlar, lybaslar, süýt önümleri barada maglumatlar ýazylyp alynýar.

Türkmen taryhyny içgin öwrenmek, milli mirasymyzy toplamak, olary ylmy esasda özleşdirmek maksady bilen guralan iş saparyna Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlarydyr talyplary hem gatnaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň