Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Türkmen alabaý» tohumly itleri köpeldiş we kämilleşdiriş merkezi açyldy

14:5128.01.2020
0
1872

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Türkmen alabaý» tohumly itleri köpeldiş we kämilleşdiriş merkeziniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň alabaý itleriniň görkezme sergisi geçirildi. Türkmen alabaý itleriniň görkezme sergisine belli itşynaslarymyzyň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen halkara ýaryşlara gatnaşyp, türkmen alabaý itlerine we Watanymyza şöhrat getiren alabaý itleri, şeýle hem Döwlet serhet gullugynyň türgenleşdirilen alabaýlary gatnaşdyryldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň