Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze harby tehnikalar gelip gowuşdy

14:4428.01.2020
0
2161

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň maddy-tehniki binýadyna täze harby tehnikalaryň ilkinji tapgyry gelip gowuşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

«Kamaz» kysymly ýük awtoulaglary Döwlet serhediniň goragynda ýükleri, şahsy düzümi alyp gitmekde aýratyn ähmiýete eýe bolsa, «Toyota» kysymly lukmançylyk awtoulaglary döwrebaplygy bilen tapawutlanyp, harby gullukçylara kämil lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirer.

Gullugyň düzümindäki harby bölümlere paýlanyp berlen bu tehnikalar harby bölümlerde ýagşy umyt-arzuwlar bilen, dabaraly ýagdaýda garşy alyndy, milli däpdessurlara eýerilip, «Ak zat alny­ňa ýagşy» diýlen yrym bilen, täze harby tehnikalara ak un sepildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň