Geçen hepdäniň ahyrynda Abdullah Awjyny wezipesinden boşadan Beşiktaş onuň ornuna Sergen Ýalçyny tälimçilige belledi. Gara bürgütler 47 ýaşyndaky tälimçi bilen 1,5 ýyllyk şertnama baglaşdylar. Beşiktaşyň ýaşlar düzüminde futbola başlan Ýalçyn bu klubda 10 ýyl çykyş etdi. Ol 309 duşuşykda 87 gezek tapawutlandy. Ýalçyn tälimçilik döwründe bolsa, Gaziantepspor, Siwasspor, Kaýserispor, Eskişehirspor, Konýaspor, Alanýaspor, Ýeni Malatýaspor ýaly toparlara tälim berdi.
Soňky habarlar
Arhiw
Sergen Ýalçyn Beşiktaşyň täze tälimçisi
11:5228.01.2020
0
918
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň