Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni dabaraly bellenildi

11:5228.01.2020
0
1524

Düýn paýtagtymyz Aşgabatda Watan goragçylarynyň güni ir-säher bilen «Halk Hakydasy» ýadygärlikler toplumyndaky «Baky şöhrat» we «Milletiň ogullary» ýadygärliklerine hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline ter gül desselerini goýmakdan başlandy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Baýramçylyk çäreleri Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi Serkerdeler öýünde dabaraly maslahat bilen dowam etdi. Maslahatyň başynda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Watan goragçylarynyň güni mynasybetli iberen Gutlagy okaldy. Soň­ra dabarada watansöýüjilige ýugrulan çykyşlara orun berildi.

Çykyşlarda ýurt goraýan gerçekleriň ata Watanymyzyň goragynda mydama sak durjakdygy, ýurt asudalygynyň, il abadançylygynyň bar zatdan ileridigi, Watany goramagyň iň belent hem-de iň mukaddes borçdugy nygtaldy.

Dabaraly maslahatyň ahyrynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenmesi okaldy.

Dabaraly maslahat baýramçylyk konserti bilen dowam etdi. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guran konserti ýokary derejede geçirildi. Onda ýerine ýetirilen aýdymdyr sazlar, çykyşlar, esasan-da, Aýratyn Hormat garawuly batalýonynyň harby gullukçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparynyň görkezme çykyşlary konsertiň şowhunyny artdyrdy, baýramçylyk ruhuny belende göterdi. Olarda Watan goragy ýaly mukaddes käriň eýeleriniň hünär baýramyny nä derejede guramaçylykly, ruhubelentlik bilen garşylaýandyklary ýüze çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň