Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäde 2019-njy ýylda transfere 7,35 milliard dollar sarp edildi

11:4528.01.2020
0
1420

FIFA 2019-njy ýylda futbolçy transferi üçin klublaryň 7 milliard 35 million dollar sarp edendiklerini habar berdi. Bu bolsa, 2018-nji ýyldaky görkezijiden 5,8 göterim köp diýmekdir. Soňky wagtlarda her ýyl bolşy ýaly, iňlis toparlary transfere iň köp pul sarp eden klublar boldy. Umumylykda 7,35 milliard dollaryň 1,5 milliardy iňlis klublaryna degişli bolup, 2018-nji ýyla garanyňda, 22,1 göterim köpdür.

2019-njy ýyldaky transferleriň 80 göterimi 100 kluba degişlidir. Şeýle-de Ýewropa klublary iň köp pul harç eden toparlar bolup, olaryň paýyna 76,2 göterim düşýär. Ol bolsa 5,5 milliard dollara deň diýmekdir. Ýewropa klublary başga yklymlardan transfer eden futbolçylary üçin 762,4 million dollarlyk çykdajy etdiler.

Transferleriň aglabasy erkin agent ýagdaýdaky (tölegsiz) oýunçylar bolup, ol 64 göterime deňdir. Transferden iň köp portugal toparlary girdeji gazandy. Portugal klublary oýunçy transferlerinden 384 million dollarlyk girdeji toplady.

Umumylykda 18 müň 42 futbolçy transfer bolup, bu görkeziji rekorda deňdir. Jemi 178 ýurtdan 15 müň 643 futbolçy toparyny çalyşdy. 2015-nji ýylda 13 müň 607, 2016-njy ýylda 14 müň 635, 2017-nji ýylda 15 müň 658, 2018-nji ýylda bolsa, 16 müň 544 futbolçy transfer bolupdy.

Iň gymmat oýunçylary La Liganyň 3 kluby transfer edip, olar şulardyr: 126 million ýewro baha Benfikadan Atletiko Madride transfer bolan portugaliýaly Žoao Feliks 1-nji, Atletikodan Barselona toparyna 120 million ýewro transfer bolan Antuan Grizmann 2-nji, Çelsiden Real Madride 100 million ýewro transfer bolan Edin Hazard 3-nji ýeri eýeledi.

Mançester Ýunaýtediň Lester Sitiden 87 million ýewro töläp transfer eden oýunçysy Harri Maguaýr futbolyň taryhynda iň gymmat goragçy hökmünde hasaba alyndy.

Zenan futbolçy transferinde 2018-nji ýyla garanyňda ösüş boldy. 16,3 göterimlik ösüşiň netijesinde 833 zenan futbolçy başga toparlara geçdi. Bu görkeziji 2018-nji ýyl üçin 696-a deňdi. Zenan futbolynda transfer üçin tölenen mukdar 652 müň dollara ýetip, ol 2018-nji ýylda 560 müň dollardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň