Soňky habarlar

Arhiw

“iPhone” önümçiliginde rekord goýlar

10:2828.01.2020
0
912

Üstümizdäki ýylda satuwa çykarylmagyna garaşylýan “iPhone SE 2” (“iPhone 9”) hem-de “iPhone 12” modelleriniň satuwa çykarylmagy bilen “Apple” kompaniýasy özüniň önümçilik rekordyny täzelemegi maksat edinýär. “AppleInsider” saýtynyň habaryna görä, 2020-nji ýylda 195 million “iPhone” öndüriler. “Apple” geçen ýylyň soňky çärýeginde 70 milliondan gowrak smartfon öndüripdir. Bu görkezijiniň 74 göterimini (52 million) “iPhone 11” we “iPhone 11 Pro” modelleri emele getirýär. Şu ýylyň ilkinji çärýeginde bolsa, 46 million täze “iPhone” öndürilmegine garaşylýar. Olaryň 6 milliony geljek aýlarda tanyşdyryljak “iPhone SE 2” modeli bolar. “iPhone SE” modeli 2016-njy ýylyň martynda satuwa çykarylypdy. Täze “iPhone SE” modelleri Hindistandaky zawodda öndüriler. 2020-nji ýylyň ikinji çärýeginde bolsa, 43 million “iPhone” öndüriler. “iPhone SE 2” modeliniň gaýtadan seriýanyň hataryna goşulmagy hem-de 5G tehnologiýaly modelleriň peýda bolmagy bilen “iPhone” satuwynyň artmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň