Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

23:5927.01.2020
0
7122

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine paýtagtymyzy we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meseleleri girizildi. Bular barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Welaýat häkimleri ýerlerde işleriň ýagdaýy, şol sanda ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdiler. Güýzlik bugdaýa ideg etmek boýunça hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmegi, ösüş suwuny tutmagy agrotehniki möhletde geçirmek, şeýle hem gowaça, gök-bakja we ýeralma ekiljek meýdanlary ýazky ekişe taýýarlamak boýunça görülýän zerur çäreler barada hem habar berdi.

Şonuň bilen birlikde, howanyň häzirki sowuk günlerinde durmuş maksatly desgalary ýylylyk, gaz, suw we elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilýändigi, sebitleriň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň barşy barada habar berildi.

Häkimler döwlet Baştutanyny 27-nji ýanwarda her ýyl bellenilýän baýramçylyk — Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk hem-de Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikler arzuw etdiler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynyň, tohum serişdeleriniň we oba hojalyk tehnikasynyň nobatdaky ekiş möwsümine göwnejaý derejede taýýarlanylmagyna ünsi çekdi, şunda degişli agrotehniki çäreleriň, şol sanda ýerleri sürmek we tekizlemek işleriniň öz wagtynda geçirilmegi uly ähmiýete eýedir.

Milletiň Lideri güýzlik bugdaýa toplumlaýyn ylmy esasda ýerli toprak-howa şertleriniň aýratynlyklaryny nazara almak arkaly, ýokary hilli ideg etmegiň wajypdygyny belläp, babadaýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmeginiň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, oba ýerlerinde we ähli welaýatlarda ýaşaýyş-durmuş düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak meseleleri hemişe gözegçilikde saklanylmalydyr. Türkmenistanyň Prezidenti sebitlerde Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde bina edilýän desgalaryň, hususan-da, welaýatyň täze, döwrebap dolandyryş merkeziniň desgalarynyň bellenilen möhletinde ulanylmaga berilmeginiň, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli guralýan çäreleriň ýokary derejesini üpjün etmegiň möhümdigi barada aýdyp, öňde goýlan ähli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, dolandyryş we önümçilik düzümleriniň işleriniň utgaşdyrylmagyny üpjün etmek babatynda häkimlere birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany ýaz paslynda, asylly däbe görä, eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde täze bag nahallaryny ekmek çäresine badalga beriljekdigini belläp, sebitlerde berkarar Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen bu parz çärä sebitde göwnejaý derejede taýýarlyk görmek barada häkimlere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy we depgini barada aýdyp, ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin agrotehniki çäreleriň ýerine ýetirilişine, ak ekinleriň ideg işlerine, ýazky ekiş möwsümine ýerleri, tehnikalary, tohumlyk we beýleki serişdeleri taýýarlamak meselelerine möhüm üns berilýändigini nygtady.

Şeýle hem ýazky köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek möwsümini guramak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada habar berildi.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew bolsa paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, eziz Diýarymyzyň baş şäheriniň düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hem-de döwlet Baştutanynyň ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny ýokary derejede baýram etmäge we bu şanly senä bagyşlanan çärelere taýýarlygyň barşy boýunça tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde ak mermerli Aşgabadyň binagärlik keşbini has-da gözelleşdirmäge gönükdirilen iri täze desgalaryň gurluşygynyň barşy barada habar berildi.

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde häkim gurulmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň taslamalaryny döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň