Türkmenabat şäherinde IIM-niň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň dördüsi açylyp, ulanmaga berildi

23:5427.01.2020
0
3904

Şu gün Watan goragçylarynyň gününde Amyderýanyň boýundaky şäherde Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasy boldy ― diýip, TDH habar berýär.

«Lebapobataslama» institutynyň binagärleri tarapyndan taslamasy düzülen ýaşaýyş jaý toplumy welaýatyň dolandyryş merkeziniň günorta böleginde Zergär demirbeton önümleri zawodynyň gurluşykçylary tarapyndan guruldy. 4 gatly jaýlaryň dördüsinden ybarat bolan toplumda şu gün polisiýa işgärleriniň maşgalalary jaý toýlaryny tutdylar.

Döwrebap timarlaýyş serişdelerini peýdalanmak bilen gurlan bu jaýlaryň her biri 3 we 4 otagly öýlerden ybarat bolup, şolarda durmuş tehnikalary hem-de mebelleri bilen üpjün edilen aşhanalar we eýwanlar guruldy.

Ýaşaýyş topluma ýanaşyk ýerler doly abadanlaşdyryldy, şol ýerlerde çagalar üçin niýetlenen hem-de sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, dynç alyş zolaklary göz öňünde tutuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň