Soňky habarlar

Arhiw

«Hil standart» hojalyk jemgyýetine ISO/IEC 17025:2017 standarty boýunça Halkara Akkreditasiýa Şahadatnamasy gowşuryldy

16:3427.01.2020
0
4824
«Hil standart» hojalyk jemgyýetine ISO/IEC 17025:2017 standarty boýunça Halkara Akkreditasiýa Şahadatnamasy gowşuryldy

«Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň goldawy bilen döredilen «Hil standart» hojalyk jemgyýetiniň barlaghanasyna «Latwiýanyň milli akkreditasiýa býurosy» döwlet agentligi tarapyndan ISO/IEC 17025:2017 standarty boýunça Halkara Akkreditasiýa Şahadatnamasy gowşuryldy» diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär. Synag barlaghanasyna berlen bu resminama hususy barlag merkeziniň berjek netijenamalarynyň dünýäniň aglaba döwletlerinde ykrar ediljekdigini aň­ladýar. Munuň özi ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa azyk önümlerini öndürmek bilen, telekeçilerimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşandy, olaryň eksport mümkinçilikleriniň artmagy, ýurdumyzyň hususy pudagynyň milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna täsiriniň güýçlenmegi diýmekdir.

Barlaghanada alnyp barylýan seljerme işleriniň daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmak baradaky maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde uly ähmiýetlidigini bellemeli. Önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, önümçilige iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň çözülmeginde-de hususy barlaghana möhüm orun eýeleýär.

Barlaghanada iki bölüm, ýagny mikrobiologiýa we fiziki-himiki barlag bölümleri bar. Häzirki wagtda mikrobiologiýa bölümi doly güýjünde işledilýär. Bölüme dünýäniň ösen ýurtlarynyň iň öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrylyp, bilim hem hünär derejesi ýokary hünärmenler olar arkaly iýmit önümleriniň ähli görnüşlerine mikrobiologik taýdan köpugurly seljerme işlerini geçirýärler. Iýmit önümlerinde kesel dörediji mikroorganizmleri anyklamak, şeýle-de dürli görnüşli azyk önümleriniň, şol sanda agyz suwunyň birnäçe howpsuzlyk görkezijilerini kesgitlemek ýokary tehnologiýaly enjamlaryň kömegi bilen amal edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň