Soňky habarlar

Arhiw

Atalanta 7 ölçäp bir kesdi

14:1627.01.2020
0
817

Italiýanyň çempionaty Serie A-da 21-nji tapgyrda öňdebaryjy toparlar utuk ýitgisine sezewar boldy. Tapgyryň iň ýatda galyjy oýny Torino bilen Atalantanyň arasynda geçdi. Ýewropanyň TOP-5 çempionatlarynyň Mançester Sitiden soň, iň köp gol geçiren topary Atalanta uly hasaply ýeňişler gazanmagyny dowam edýär. Jan Piero Gasperininiň şägirtleri myhmançylykda Torino toparyny 7-0 hasaby bilen derbi-dagyn etdiler. Torinoly 2 futbolçynyň gyzyl kart alan duşuşygynda Iliçiç 3, Muriel 2, Gosens hem-de Zapata 1 gol geçirdi. Ýosip Iliçiç Atalanta topary 9-njy tapgyrda Udinezeni 7-1, 17-nji we 18-nji tapgyrlarda-da, degişlilikde Milandyr Parmany 5-0 hasaplar bilen ýeňipdi.

Ýuwentusyň 2-nji ýeňlişi

Sanawyň lideri Ýuwentus myhmançylykda aşaky orunlarda barýan Napoliden 2-1 asgyn geldi. Napoliniň gollaryny 63-nji minutda Piotr Zielinski bilen 86-njy minutda Lorenzo Insinýe derwezä girizdi. Ýuwentusdan Kristiano Ronaldonyň 90-njy minutda geçiren goly ýeňiş üçin ýeterlik bolmady. Bu ýeňliş Ýuwentusyň şu möwsümdäki 2-nji ýeňlişi bolup, Goja Sinýora 15-nji tapgyrda Lasiodan 3-1 asgyn gelipdi.

Iki golda-da derwezeçiler ýalňyşdy

Tapgyryň iň esasy oýny Roma bilen Lasionyň arasynda bolup, iki topar 1 utuk bilen kanagatlanmaly boldy. 1-1 hasabynda deňlikde gutaran oýnuň gollarynyň ikisi-de derwezeçileriň gödek ýalňyşlygyndan soň tora girdi. Romanyň goluny 26-njy minutda Edin Jeko, Lasionyň goluny bolsa, 34-nji minutda Françesko Açerbi derwezä girizdi.

Interiň yzly-yzyna 3-nji deňligi

Antonio Konteniň tälim berýän Inter topary çempionlyk ugrunda utuk ýitirmegini dowam edýär. Öz meýdançasynda Kaliari bilen 1-1 deňme-deň oýnan Inter bassyr 3-nji duşuşygyny deňlikde tamamlady.

Tapgyryň ýene bir duşuşygynda Milan myhmançylykda Breşiýany Ante Rebiçiň 71-nji minutdaky goly bilen 1-0 ýeňdi. Gyşky transfer möwsüminde Zlatany Ibrahimowiç transfer eden Milan bassyr 3-nji ýeňşini gazandy.    

 

Serie A-da 21-nji tapgyryň netijeleri:

Breşiýa 0:1 Milan

SPAL 1:3 Bolonýa

Fiorentina 0:0 Jenoa

Torino 0:7 Atalanta

Inter 1:1 Kaliari

Werona 3:0 Leççe

Sampdoriýa 0:0 Sassuolo

Parma 2:0 Udineze

Roma 1:1 Lasio

Napoli 2:1 Ýuwentus

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň