Soňky habarlar

Arhiw

Hindistanyň smartfon bazary ösýär

10:0427.01.2020
0
960

Hindistan “akylly” telefon bazarynda ABŞ-dan ozduryp, ikinji orna düşdi. Dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hytaý bolsa, birinjiligini saklap galdy. “Counterpoint Research” şereketiniň maglumatlaryna görä, 2019-njy ýylda Hindistanda 158 million smartfon satylypdyr. Ýurtda satylýan telefonlaryň aglabasyny hytaý brendleriniň önümleri emele getiripdir. Bu ýurtda müşderilere ýetirilen telefonlaryň üçden ikisi “Xiaomi”, “Vivo”, “Oppo” we “Realme” kompaniýalarynyňkydygy mälim edildi. Ýurtda “Apple” kompaniýasynyň smartfonlarynyň satuwy hem ýokarlanypdyr. Amerikan tehnologiýa ägirdi Hindistanda “iPhone XR” modeliniň bahasynyň arzanladylmagynyň “iPhone 11” modeliniň satuwa çykarylmagynyň satuwy ýokarlandyrandygyny habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň