Türkmenistanyň futbol ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşygynda Malaýziýanyň «Johoryndan» ýeňildi

23:4526.01.2020
0
9900

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyryna taýýarlygyň çäginde Malaýziýanyň «Johor» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Duşuşyk 2:1 hasabynda «Johoryň» ýeňşi bilen tamamlandy. Milli ýygyndymyzyň BAE-däki ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyny Dubaýyň «Jebel Ali Coe Stadium» stadionynda geçirildi.

Duşuşykdaky ilkinji goly 11 metrlik jerime urgusyndan malaýziýaly hüjümçi Safawi Rasid geçirdi. Türkmen futbolçylary bu gola 53-nji minutda Akmämmet Metdäýewiň geçiren pökgüsi bilen jogap berdiler. «Johoryň» ýeňiş goluny bolsa braziliýaly hüjüme ýakyn ýarym goragçy Diogo Luis Santo geçirdi. Garşydaş toparyň ikinji goly hem 11 metrlik jerime urgusyndandyr.

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň başlangyç düzüminde birbada 9 futbolçy ilkinji gezek milli ýygyndynyň köýnekçesi bilen meýdana çykdy. Olar Möwlamberdi Goşşanow, Mekan Aşyrow, Nazar Towalekow, Akmämmet Metdäýew, Meýlis Diniýew, Baýramgeldi Nurlyýew, Ata Geldiýew, Oraz Ataýew we derwezewan Rahat Japarowdyr. Ýarym goragçylar Yhlas Magtymow bilen Döwletmyrat Seýitmuhammedow bolsa milli ýygyndyda ozal hem çykyş eden futbolçylardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň