Soňky habarlar

Arhiw

«Bunýodkor» BAE gitdi, düzümde Selim Nurmyradow ýok

14:3026.01.2020
0
8048

Özbegistanyň «Bunýodkor» futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgrynyň çäginde 28-nji ýanwarda «Al Aýn» bilen boljak duşuşyga gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirliklerine gitdi. Bu barada «Championat.asia» habar berýär.

Al Aýn şäherindäki «Ayla Grand» myhmanhanasynda ýerleşen toparyň düzüminde türkmenistanly hüjümçi Selim Nurmyradow ýok. Mälim bolşy ýaly, Yragyň «Al Zawrasy» bilen bolan ilkinji saýlama duşuşygynda şikes alyp, birinji ýarymda meýdandan çykypdy.

Biziň ildeşimiziň we topardaky beýleki legionerleriň karýerasyny «Bunýodkorda» dowam etdirip-etdirmejekdigi şu duşuşykdan soňra belli bolar. Çünki topar AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşyp bilmese, legioner futbolçylara rugsat bermek meýilleşdirilýär.

«Al Aýn» ― «Bunýodkor» duşuşygy 28-nji ýanwarda Al Aýn şäherindäki «Hazza Bin Zayed» stadionynda geçiriler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 19:40-da başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň