Türkmenistanyň futzal ýygyndysy okuw-türgenleşik ýygnanyşygy üçin Birleşen Arap Emirliklerine gitdi

14:2026.01.2020
0
3977

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aziýa çempionaty – 2020-niň final tapgyryna taýýarlygynyň çäginde BAE-de geçirýän okuw türgenleşiginiň çäginde türgenleşik işlerine başlady. Ýygyndy toparymyzyň ilkinji türgenleşigi «Al-Hamriýa» futbol akademiýasynyň “Sports Hall” sport toplumynda geçirildi ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

25-nji ýanwary – 9-njy fewraly aralygynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygy dowam edýän milli ýygyndymyz BAE-de ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirer. Olaryň ilkinjisinde BAE-niň birinji diwizionynda çykyş edýän “Al Ahli” (27-nji ýanwar), ikinjisinde bolsa bu ýurduň öňdebaryjy topary bolan “Al Nasr” (29-njy ýanwar) topary bilen duşuşar.

Milli ýygyndymyz okuw-türgenleşiginiň yzysüresi 2-8-nji fewral aralygyndaTailandyň Songkla şäherinde geçiriljek halkara ýaryşyna gatnaşar. Milli ýygyndymyzdan başga bu ýaryşa Eýranyň, Malaýziýanyň, Tailandyň, Täjigistanyň hem-de Kuweýtiň milli ýygyndylary gatnaşarlar.

Çekilen bijä laýyklykda, Türkmenistanyň ýygyndysy “A” toparçada Malaýziýanyň (3-nji fewral) hem-de Tailandyň (4-nji fewral) ýygyndylary bilen duşuşar. “B” toparçada Eýranyň, Täjigistanyň hem-de Kuweýtiň ýygyndy toparlary bäsleşerler. Toparçalaýyn bäsleşigiň netijesinde her toparçada ilkinji iki orny eýelän ýygyndylar ýarym finalda çykyş etmäge mümkinçilik alarlar.

Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi horwatiýaly Robert Grdowiç halkara ýaryşynda milli çempionatymyzda çykyş edýän oýunçylary gözden geçirer.

Ýeri gelende bellesek, futzal boýunça 16-njy Aziýa çempionaty 26-njy fewral – 8-nji mart aralygynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumlarynda geçiriler.

BAE-däki OTÝ-na we Tailanddaky halkara ýaryşa gatnaşjak Türkmenistanyň futzal ýygyndysy:

Futzalçylar: Meretgeldi Baýramow (d), Şöhrat Baýramow (d), Mülkaman Annagulyýew, Myrat Annaýew, Gurbanguly Aşyrow, Watan Ataýew, Daýanç Garajaýew, Abdylla Gurbannepesow, Allamyrat Kurbanow, Allaberdi Meredow, Öwezbaý Muhammetmyradow, Serdar Rejebow, Gurbangeldi Sähedow, Berdimyrat Sapardurdyýew (d), Arzuwguly Sapargulyýew, Maksat Soltanow.

Tälimçiler: Robert Grdowiç ― baş tälimçi, Guwanç Kanaýew ― tälimçi, Mergen Ataýew ― tälimçi, Ýeňiş Aşyrow ― tälimçi, Mekan Muhammetmyradow ― analtika boýunça tälimçi.

Ýakynda, türkmen metbugatyna beren interwýusynda baş tälimçi Robert Grdowiç Aziýa çempionatynda ýaryşjak 16 futbolçydan ybarat düzümi kesgitländigini aýtdy. Egerde BAE-däki türgenleşiklerdir ýoldaşlyk duşuşyklarynda, Tailanddaky halkara ýaryşda, soňra Aşgabatdaky türgenleşiklerdir duşuşyklarda şikes ýa-da başga bir sebäp bilen üýtgeşme bolmasa, Aziýa çempionatynda hem milli ýygyndymyza şu futzalçylar wekilçilik eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň