Türkmenistanyň futbol ýygyndysy ilkinji ýoldaşlyk duşuşygynyň öňüsyrasyndaky türgenleşigini geçdi

14:1626.01.2020
0
4707

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Birleşen Arap Emirlikleriniň Ajman şäherinde başlanan okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda Malaýziýanyň «Johor» topary bilen boljak ýoldaşlyk duşuşygynyň öňüsyrasyndaky türgenleşiklerini geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda hem aýdylýar.

TFF-niň resmi saýtynda ýazylyşy ýaly, bir sagat töweregi dowam eden türgenleşikde Ante Mişeniň türgenleşdirýänleri fiziki taýýarlyga, top bilen işlemege üns berdiler. Türgenleşigiň soňky pursatlary ikitaraplaýyn türgenleşik duşuşygynda jemlendi.

Türkmenistan ― «Johor» ýoldaşlyk duşuşygy şu gün, 26-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen agşam sagat 19-da başlanar.

Joher-Baru şäherine wekilçilik edýän «Johor» topary 1972-nji ýylda döredildi. Bu topar Malaýziýanyň iň güýçli topary bolup, ýerli çempionaty 6 gezek ýeňiş bilen tamamlady. Şeýle-de, bu topar 2015-nji ýylda AFK-nyň Kubogyna hem eýelik etdi. «Johor» topary Duşenbe şäheriniň «Pamir» stadionynda geçirilen final duşuşygynda ýerli “Istiklol” toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy.

Horwatiýaly hünärmen  Ante Mişeniň ýolbaşçylygyndaky milli ýygyndymyz 2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna taýýarlygynyň çäginde BAE-niň Ajman şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Bu ýygnanyşykda tälimçiler düzümi ýygyndy toparymyzyň bosagasynda duran oýunçylary gözden geçirýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň