Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy kapitan Arslanmyrat Amanowyň topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

14:1326.01.2020
0
5401

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynyň berýän habaryna görä, häzirki wagtda Birleşen Arap Emirlikleriniň Ajman şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän futbol boýunça milli ýygyndymyz bu ýerde klub toparlarynyň üçüsi bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer.

Bu gezek, esasan, ýaş futbolçylary gözden geçirýän baş tälimçi Ante Mişeniň şägirtleriniň ilkinji garşydaşy, ozal hem habar berlişi ýaly, Malaýziýanyň 6 gezek çempiony we AFK-nyň kubogy ― 2015-iň ýeňijisi, häzir bolsa AFK-nyň Çempionlar ligasynda ýaryşýan «Johor» topary bolar. Bu duşuşyk 26-njy ýanwarda ― şu gün «Jebel Ali Coe» stadionynda geçiriler. Ol Aşgabat wagty bilen agşam sagat 19-da başlanar.

Futbol boýunça milli ýygyndymyz BAE-däki ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny 29-njy ýanwarda ýerli toparlaryň biri bilen geçirer. Üçünji ýoldaşlyk duşuşygy bolsa Özbegistanyň Almalyk şäheriniň AGMK topary bilen 2-nji fewralda geçiriler.

Ugurdaş habarlarymyzyň birinde aýdyşymyz ýaly, düzümine türkmenistanly ýarym goragçy, milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanowy hem goşan AGMK üçünji OTÝ-ny BAE-de geçirer. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bolsa resmi saýtynda milli ýygyndymyzyň bu ýerde AGMK bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirjekdigini ýazýar.

Diýmek, Ante Mişeniň Messä deňäp ýören tejribeli futbolçysy Arslanmyrat Amanow bu gezek onuň şägirtleriniň garşysyna oýnap biler. Düzüminde milli ýygyndymyzyň kapitany hem bolan topar bilen duşuşmak ýaş futbolçylarymyz üçin oňat tejribe bolar.

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň BAE-däki türgenleşikleri 4-nji fewralda tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň