«Ahalyň» dördünji garşydaşy Türkiýä gitdi

14:0826.01.2020
0
779

28-nji ýanwarda «Ahal» futbol topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirjek Özbegistanyň «Nawbahor» topary 25-nji ýanwarda Türkiýäniň Antalýa şäheriniň Belek şäherçesine tarap ýola düşdi. Bu ýerde topar yzygiderli iki sany okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer. Bu türgenleşikler 21-nji fewrala çenli dowam eder.

Baş tälimçi Andreý Kançelskis Türkiýedäki türgenleşiklere, esasan, ýerli futbolçylar bilen gitdi. Mundan birki gün ozal ol toparda gözden geçirilýän legionerlere, şol sanda türkmenistanly hüjümçi Wahyt Orazsähedowa hem rugsat beripdi.

Toparyň täze transferleriniň olara Türkiýede goşulmagyna garaşylýar.

«Nawbahor» «Ahalyň» Türkiýedäki dördünji, şol sanda iň soňky garşydaşy bolar. Şol bir wagtyň özünde «Nawbahor» Türkiýede meýilleşdirýän alty ýoldaşlyk duşuşygyna «Ahal» bilen boljak oýun arkaly badalga berer.

«Ahal» 31-nji ýanwarda ýurdumyza dolanyp geler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň