Türkmenistanyň diplomatik edarasy Parižde geçirilen Dürli medeniýetleriň festiwalyna gatnaşdy

11:5626.01.2020
0
5664

ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynda Dürli medeniýetleriň festiwaly geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Fransiýadaky diplomatik edarasynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Çäre ÝUNESKO-nyň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli geçirildi.

Festiwalyň açylyş dabarasyna ÝUNESKO-nyň sekretariatynyň wekilleri, diplomatik korpusyň agzalary, gatnaşyjy döwletleriň wekilleri we žurnalistler gatnaşdylar.

Türkmenistanyň diplomatik edarasynyň ýaýbaňlandyran sergisinde milli däplerimiz öz beýanyny tapypdyr. Bu ýerde myhmanlara türkmen tagamlary hödürlenildi. Şol sanda türkmen halylary, el işleri we zergärçilik önümleri görkezildi. Türkmen aşhanasynyň festiwala gatnaşyjylar tarapyndan aýratyn uly gyzyklanma eýe bolandygyny «Turkmenistan» internet-žurnaly ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň