Soňky habarlar

Arhiw

“Note 10+” üçin “Android 10”

17:3825.01.2020
0
1192

“Galaxy Note 10+” hem-de “Galaxy Note 10+ 5G” mobil enjamlary üçin “Android 10” amaly ulgamy elýeterli edildi. Mälim bolşy ýaly, “Android” amaly ulgamy mahal-mahal täzelenip durýar. Täze amaly ulgama geçilmedik ýagdaýynda käbir programmalaryň işlemeginde bökdençlik çykyp bilýär. Golaýda peýda bolan “Android 10” amaly ulgamy mundan ozal “Note 10” enjamlary üçin elýeterli edilipdi. “Samsung” kompaniýasy “Android 10”-yň göwrüminiň  1977,29 MB-dygyny, şol sebäpli “Wi-Fi”-dan peýdalanmagy maslahat berýärler. Amaly ulgamyň täze nusgasynyň telefony bir el bilen has aňsat ulanmaga mümkinçilik berýändigi, akgynlydygy we beýleki işjeň aýratynlyklarynyň bardygy mälim edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň