Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ýolagçylary hasaba almakda we pasport gözegçiligi boýunça sanly ulgamdan peýdalanylýar

15:1725.01.2020
0
53804

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde sanly ulgamyň mümkinçilikleri hem ýerlikli peýdalanylanylýar. Bular barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen uly göwrümli makalada hem aýdylyp geçilipdir.

Makalada ýazylyşy ýaly, hasaba alyş we uçuş tapgyrynda ýolagçy hasaba alyş düzgünini ýa-da zerur bolan kadalaryň bir bölegini self check-iniň kömeginden peýdalanyp, özbaşdak ýerine ýetirip bilýär.

«Elektron howa menzili» diýlip atlandyrylýan bölüm adaty hasaba alyş bölümlerine nobaty kemeltmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde olaryň 11-si bar. Olar hasaba alyş zolagynyň öňünde, gümrük gözegçiligine çenli aralykda ýerleşdirilip, ýüksüz ýolagçylar olardan peýdalanyp bilýär.

Şeýle çemeleşme pasport gözegçiligi bölüminde hem göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde adaty bölümleriň sanyny täze E-geýtler azaldýar. Netijede, her bir ýolagça ortaça 10 — 15 sekunt sarp edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň