Daşoguz gurluşyk önümleri kärhanasynda ýyllyk tabşyryk bir ýarym essä golaýlady

15:0725.01.2020
0
1544

Häzirki wagtda welaýatyň dürli künjeklerinde giň gerimde ýaýbaň­landyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň aglabasynyň gurluşyklarynda Daşoguz welaýat häkimliginiň gurluşyk önümleri kärhanasynyň dürli görnüşli önümleri giň­den ulanylýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Özümizde öndürilýän önümleriň ulanylmagy gurluşyk işleriniň ýokary depginde alnyp barylmagyna hem-de goýberilýän serişdeleriň tygşytlanmagyna, iň esasy-da, işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga oňaýly täsir edýär. Häzirki zamanyň ösen isleglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, täze bölümleriň işe girizilmegi netijesinde, kärhananyň önümçilik kuwwaty ep-esli ýokarlandy.

Gurluşyk önümleri kärhanasy boýunça geçen ýylda 2400 kub metr beton gurnawlary, 854 müň sany bişen kerpiç, 2400 kub metrden gowrak keramzit taýýarlanyp, gurluşyk meýdançalaryna ugradyldy.

Kärhanada jemi 617 müň manatlykdan gowrak iş edilip, öň­ki ýyldaky bilen de­ňeşdirilende, 147,7 göterim ösüş gazanyldy. Ýylyň başyndan kärhananyň önümçilik kuwwatlylygyny has-da ýokarlandyrmak babatynda degişli tehnologik işler utgaşykly alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň