Soňky habarlar

Arhiw

Bereket tikin fabriginde ýylyň ilkinji aýynda 900 müň manatlyga golaý iş edildi

15:0125.01.2020
0
1114

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň welaýatyň Bereket şäherindäki tikin fabrigi işe girizilen gününden bäri öň­debaryjy pudagyň göreldeli işleýän kärhanalarynyň hataryna goşuldy.

Bu ýerde şu ýylyň ilkinji günlerinden has-da netijeli işler bitirilýär. Kärhanada Türkiýäniň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň iň öň­debaryjy kompaniýalarynyň häzirki zaman ül­ňülerine laýyk gelýän enjamlarynda işlenilmegi bereketli tikinçileriň ýokary iş netijelerini gazanmagynda ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. «Türkmenistan» gazetiniň habar berşi ýaly, ähli döwrebap şertlerdir mümkinçilikler döredilen kärhanada işleýän tikinçiler geçen ýylyň önümçilik meýilnamasyny 105 göterim ýerine ýetirdiler.

Şu ýylyň ýanwar aýynyň başyndan bäri kärhananyň hünärmenleri 876 müň manatlyk tikin önümlerini taýýarlamagy başardylar. Bu görkeziji ýanwar aýy üçin göz öňünde tutulan meýilnamanyň möhletinden bir hepde öň, üç essä golaý artygy bilen berjaý edilendigini aň­ladýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň