Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmen aýna önümleri» geçen ýylky meýilnamalary 100 göterimden artyk berjaý etdi

14:5825.01.2020
0
868

Gökdepe etrabynyň çägindäki «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň işçi hünärmenleri geçen ýyly ýokary iş görkezijilerine beslediler. Kärhanada ýanwar — dekabr aýlarynda gazanylan iş görkezijileri tutanýerli zähmetiň ýerine düşendigini aňladýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Has takygy, ol ýerde düz aýnanyň 4 million 320 müň inedördül metrine derek 5 million 107 müň 100 inedördül metri öndürilip, meýilnama 118,2 göterim, gaplyk çüýşäniň 11 müň 625 tonnasyna derek 12 müň 971,75 tonnasy öndürilip, meýilnama 111,5 göterim ýerine ýetirildi.

Şeýlelikde, kärhanada ozalky ýyl bilen deňeşdirilende, düz aýnany öndürmekde 116, gaplyk aýnany öndürmekde 113,4 göterime barabar ösüş gazanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň