Soňky habarlar

Arhiw

Hepdäniň esasy duşuşyklary

13:5525.01.2020
0
744

 

Angliýanyň Premier ligasynda bu hepdäniň ahyrynda oýun bolmaz. Ýöne oňa derek FA Kubogynyň 1/16 finalynyň oýunlary geçiriler. Şu gün Lester myhmançylykda Brentford bilen duşuşar (Aşgabat wagty bilen 17:45-de). Tottenhem topary-da myhmançylykda Southempton bilen 1/8 finala çykmak üçin göreşer (20:00). Şeýle-de şu gün Hall Siti–Çelsi (22:30), ertir Mançester Siti–Fulham (18:00), Tranmer – Man. Ýunaýted (20:00) hem-de Şrusberi-Liwerpul (22:00) duşuşyklary oýnalar.

Ispaniýanyň La Ligasynda tapgyryň iň esasy oýny Walensiýa bilen Barselonanyň arasynda bolup, şu gün Aşgabat wagty bilen 20:00-da başlajak oýun Türkmenistan sport teleýaýlymynda-da görkeziler. Barselona bilen deň utugy paýlaşýan Real Madrid ertir myhmançylykda Walýadolid bilen duşuşar (01:00).

Italiýanyň A-Seriýasynda ertir 2 oýundan bäri ýeňiş gazanyp bilmeýän Inter öz meýdançasynda Kaliarini kabul eder (16:30). Şeýle-de Rim derbisinde Roma bilen Lasio duşuşar (22:00). Sanawyň lideri Ýuwentus 21-nji tapgyry myhmançylykda Napoli bilen geçirer (00:45).

Germaniýanyň Bundesligasynda tapgyryň iň esasy oýnunda Bawariýa bilen Şalke duşuşar. Şu gün 22:30-da başlanjak oýunda Türkmenistan sport teleýaýlymy arkaly janköýerleriň dykgatyna ýetiriler. Bu duşuşykdan öň sanawyň lideri Leipsig myhmançylykda Aýntraht bilen duşuşar (19:30).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň