Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy BAE-däki türgenleşiklere başlady

13:3925.01.2020
0
8998

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy BAE-däki ilkinji türgenleşigini geçirdi ― diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär. Ante Mişeniň şägirtleri «Al-Hamriýa» futbol akademiýasynyň türgenleşik meýdanynda türgenleşýärler. Olar Ajamandaky «Ramada» myhmanhanasynda ýerleşdiler.

Milli ýygyndymyzyň bu ýerdäki türgenlerşikleri 4-nji fewrala çenli dowam eder. Ýygnanyşygyň çäginde ýoldaşlyk duşuşyklarynyň üçüsi meýilleşdirilýär. Olaryň ilkinjisi 26-njy ýanwarda Malaýziýanyň «Johor» topary bilen geçiriler.

Türkmen futbolçylary bu ýerde Dünýä çempionaty ― 2022-niň we Aziýa kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryndaky duşuşyklara taýýarlanýarlar. Baş tälimçi, esasan, ozal milli ýygynda çagyrylmadyk ýa-da az çagyrylan ýaş futbolçylary synagdan geçirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň