Soňky habarlar

Arhiw

Rim derbisi Türkmenistan sport teleýaýlymynda

13:1525.01.2020
0
4980

Ertir Italiýanyň çempionaty Serie A-da 21-nji tapgyryň çäklerinde Rim derbisi oýnalar. Ertir, ýagny 26-njy ýanwarda 22:00-da başlanjak bu oýunda Roma Olimpiýa stadionynda Lasiony kabul eder. Duşuşyk Türkmenistan sport teleýaýlymynda göni ýaýlymda görkeziler.

“Derby della Capitale” diýlip atlandyrylýan bu derbi 2 topary arasyndaky ähli ýaryşlary hasaba alanyňda, 190-njy duşuşyk bolar. Resmi oýunlary hasaplasaň 174-nji Rim derbisi bolup, Roma 65, Lasio 46 gezek ýeňiş gazandy. 62 oýun deňlikde tamamlandy. Gol gatnaşygynda Roma 216-170 öňde.

Rim derbisinde şu wagta çenli iň köp çykyş eden oýunçy Françesko Totti bolup, ol 44 gezek bu derbide meýdança çykdy. Totti bilen bir hatarda, başga bir Romaly futbolçy Dino da Kosta 11 gol geçirip, bu babatda öňdeligi eýeleýärler.

Iki toparyň arasyndaky iň uly tapawutly ýeňiş 1933-nji ýylda hasaba alnyp, şonda Roma ezeli bäsdeşini 5-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Möwsümiň 1-nji ýarymyndaky oýun 1-1 deňlikde tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň