Soňky habarlar

Arhiw

Energetika ministrligi «Çalyk Holding A.Ş.» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürýär

11:5925.01.2020
0
852

Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň «Çalyk Holding A.Ş.» kompaniýasynyň golçur kärhanasy bolan «TAPP-500 Power Transmission Line FZE» kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmakda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyga gol çekildi. Bu barada TDH ýazýar.

Duşuşyk Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça güýjenmesi 220 kW bolan elektrik geçirijisiniň ähmiýetli bölegini gurmak boýunça özara hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny işläp taýýarlamak maksady bilen guraldy. Transmilli energetika ulgamyny Mary döwlet elektrik stansiýasyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat şäheri ugry boýunça türkmen-owgan serhedine çenli ýurdumyzyň çäginde gurmak bilen bagly meseleler ylalaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň