Soňky habarlar

Arhiw

Beşiktaş tälimçisini wezipesinden boşatdy

11:2325.01.2020
0
590

Türkiýäniň Beşiktaş topary geçen tomsuň başynda bellenen tälimçisi Abdullah Awjyny wezipesinden boşatdy. Beşiktaş topary Awjynyň döwründe 28 duşuşyk geçirip, şolaryň diňe 11-sinde ýeňiş gazandy. 14 duşuşykda utulan Beşiktaş Türkiýäniň çempionatynda 30 utuk bilen 7-nji hatarda barýar. Abdullah Awjy 18 tapgyry tamamlanan Türkiýäniň çempionatynda wezipesinden boşadylan 14-nji tälimçi boldy. Beşiktaş onuň ornuna Sergen Ýalçyn iň esasy dalaşgär hökmünde görülýär. Şeýle-de Samet Aýbaba, Taýfun Korkut ýaly tälimçileriň atlary hem agzalýar.     

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň